Sepleriň elýeterliligi

Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy bökdelýär


2012-nji ýylda ýurtda geçiriljek ilat ýazuwy bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý fondunyň hasaba alynjakdygy habar berilýär.

2012-nji ýylda ýurtda geçiriljek ilat ýazuwy bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý fondunyň hasaba alynjakdygy habar berilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2 ýyldan gowrak wagt mundan ozal, 2009-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda eden çykyşynda ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyny ýuwaş-ýuwaş ýola goýmagy wise-premýerlere tabşyrypdy. Ol bu meseläni uzaga çekdirmän ýakyn wagtyň içinde çözmelidigini aýdypdy.

Prezidentiň uzaga çekilmän çözülmeli diýen meselesi, ynha, indi iki ýyldan gowrak wagt bäri çözülmän gelýär.

55 ýaşly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öz hususy jaýynyň häkimiýetler tarapyndan ýykylyp, ýerine order boýunça hökümet jaýynyň berlendigini gürrüň berdi. Şeýle hem ol hususy jaýynyň ýerine hökümet jaýynyň berlendigine düşünmeýändigini, bu mesele bilen bagly dürli döwlet edaralaryna ýüz tutandygyny, emma ygtybarly jogap alyp bilmändigini aýtdy.

Kanun kabul edildimi?

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy bilen bagly ýagdaýyň özgermeýändigini, bu mesele bilen bagly kanunyň hem kabul edilmändigini aýdýar.

Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýew 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Aşgabat Şäher sowetiniň deputaty bolandygyny, şonda serişde ýetmezçiligi sebäpli jaýlarda remont işlerini geçirmekde kynçylyk çekip, Aşgabat Şäheriniň häkimi Saryjaýew bilen bilelikde jaýlaryň hususylaşdyrylmagy baradaky kanuny taýynlap, teklip edendiklerini ýatlaýar.

“Biziň teklip eden kanunymyz kabul edilenden bir ýyl geçensoň, Ýokary Sowetiň deputatlary hem şeýle kanuny kabul etdiler. Şol döwürde Türkmenistany terk edip gidýän adamlaryň sany köpeldi. Men ýaşaýyş jaý bazaryny döretmegi teklip etdim. Ýöne bu teklibimi kabul eden bolmady. Soňra köp wagt geçmänkä Nyýazow jaýlaryň hususylaşdyrylmagy baradaky kanuny hem ýatyrdy. Indi bolsa beýleki goňşy ýurtlardan tapawutlylykda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň bazary ýok. Jaýlary alyp-satmakda salgydyň tölenip-tölenmeýänligi hem belli däl” diýip, Hajyýew aýdýar.

Şu ýylyň ýanwarynda türkmen metbugatynda çap edilen maglumatda 2012-nji ýylda ýurtda geçiriljek ilat ýazuwy bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý fondunyň hasaba alynjakdygy, bu prosesiň elektron usul bilen geçiriljekdigi aýdyldy.

Tama bar


Bugaýewiň aýtmagyna görä, häzir Türkmenistanda diňe goçüp gidýän adamyň durumyny alyp bilenlere jaýyny hususylaşdyrmaga rugsat berilýär. Ol 2012-nji ýylda ilat ýazuwy geçirilensoň, ýaşaýyş jaýlar hasaba alnyp, adamlarda jaýlaryň hususylaşdyrylmagy baradaky kanunyň kabul ediljekdigi hakda tamalarynyň bardygyny aýdýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň aýdanlary näme sebäpden ýerine ýetirilmeýär diýen sowala Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bilermenler Türkmenistanda reformalary amala aşyrmak meselesinde köp kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, bu meselede esasy problemanyň ýurdy dollandyryş usulyndadygy bilen ylalaşdylar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkan ýurtlary boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Artýom Ulunýan Turkmenistandaky ýagdaýy özgertmek üçin ýurduň jemgyýetçilik-syýasy sistemasynda düýpli reforma geçirmegiň zerurdygyny aýdýar. Ýöne bilermen şeýle reformalary geçirmäge häkimiýet başyndakylaryň taýýardygyna şübhelenýär.

Ykdysatçy Hajyýew Türkmenistanda ýurduň dolandyryş usulynyň gurluşyny doly özgertmelidinini, ýurdy dollandyrmakda dolandyryşyň administratiw usullaryndan el çekip, döredijilik inisiatiwasyna ýol açmalydygyny nygtaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG