Sepleriň elýeterliligi

NATO Liwiýada nebit ýatagyny bombalamandygyny aýdýar


NATO Liwiýanyň gündogaryndaky möhüm nebit ýatagyny bombalandygy baradaky habary ret etdi. Ýaranlygyň aýtmagyna görä, bu nebit ýatagyndaky dörän waka boýunça Kaddafiniň goşunlary jogapkär.

Mundan ozal, Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Khaled Kaim NATO-nyň howa hüjümlerinde Sarir nebit ýatagyna zeper ýetendigini aýdypdy. NATO bu baradaky habarlaryň “ýalandygyny” nygtaýar.

Liwiýada Muammar Kaddafä ygrarly güýçler pitneçileriň gözegçiligindäki Misurata şäherine hüjümlerini güýçlendirdiler.

Misurata şäheri ýurduň günbatarynda gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki soňky möhüm berkitmedir.

Pitneçeleriň berýän maglumatyna görä, ýurduň gündogarynda NATO-nyň amala aşyrýan howa hüjümlerinde ýalňyşlyk bilen gozgalaňçylaryň tanky hem urlupdyr.
XS
SM
MD
LG