Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl Kot d’Iwuardaky diplomatlaryny çykarmakçy


Ysraýyl Kot d’Iwuardaky öz diplomatlaryny çykarmak üçin Fransiýadan kömek sorady. Bu barada Fransiýanyň daşary işler ministri Alain Župpe aýtdy.

Günbatar Afrika döwleti Kot d’Iwuarda geçen ýylyň noýabrynda geçirilen prezident saýlawlaryndaky dalaşgärler Alessan Outtarynyň we Laurent Gbagbonyň tarapdalary öz aralarynda çaknyşýarlar.

Alessan Outtara şol saýlawlaryň ýeňijisi hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Laurent Gbagbo bolsa, prezidentlikden el çekmejekdigini öňe sürýär.

Fransiýanyň esgerleri BMG-niň parahatçylygy goraýjylaryna hemaýat hökmünde Kot d’Iwuara iberildi.
XS
SM
MD
LG