Sepleriň elýeterliligi

Hytaýly tanymal hudožnik jenaýat işine çekilýär


Hytaýda tussaglykda saklanýan hudožnik we aktiwist Aý Waýwaý gümän edilýän ykdysady jenaýat işleri boýunça derňelýär. Bu barada Hytaýyň polisiýasy habar berdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Hong Lei bu barada şeýle diýdi: "Meniň düşünişime görä, Aý Waýwaý gümän edilýän ykdysady jenaýatlar üçin tussag edildi. Jemgyýetçilik howpsuzlygy resmileri bu wakany kanun esasynda derňeýärler. Hytaý kanun esasynda dolandyrylýar, şeýle-de degişli resmiler kanunyň esasynda hereket ederler”.

Ýekşenbe güni Aý Waýwaý Pekinden Hong Konga gitjek wagty, aeroportda serhet polisiýasy tarapyndan saklandy.

Bu wakany Günbatar döwletleri we hytaýly adam hukuklaryny goraýjylar ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG