Sepleriň elýeterliligi

“Awazada” aragatnaşyk boýunça maslahat geçirilýär


Çarşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Kerwen” myhmanhanasynda aragatnaşyk ulgamynda Sebitleýin arkalaşygyň elektroaragatnaşyk komissiýasynyň we operatorlar Geňeşiniň nobatdaky bilelikdäki maslahaty başlandy.

Bu maslahata Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Sloweniýanyň aragantaşyk ministrlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşýarlar.

Maslahatda sebitdäki umumy maglumatlar giňişliginde kadalaşdyryjy hukuk binýatlaryny utgaşdyrmak, toplanylan tejribeleri giňişleýin paýlaşmak barada çykyşlaryň edilendigini türkmen metbugaty mälim etdi.
XS
SM
MD
LG