Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň Daşary işler boýunça Komitetiniň gözegçilik we barlaglar baradaky aşaky komissiýasy tarapyndan 6-njy aprelde geçirilen diňlenişik “Amerikanyň daşary ýurtlara gönükdirilýän radio we telegepleşikleri biziň milli bähbidimize we zalym režimlere garşy göreşe zyýan ýetirýärmi?” diýlip atlandyryldy.

Bu diňlenişigi gurnan aşaky komissiýanyň başlygy Dana Rohrbakkeriň aýtmagyna görä, diňlenişigiň geçirilmegine sebäp bolan zat Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän, prezident tarapyndan bellenýän Gubernatorlaryň teleradiogepleşikler geňeşiniň (BBG) gözegiligindäki halkara teleradiogepleşiklerde berilýän habarlaryň obýektiwligine aşa ähmiýet berlip, amerikan gymmatlyklaryna we bähbitlerine ýeterlik üns berilmeýän bolaýmasyn diýen alada.

“Ilki bilen Amerikanyň strategik kommunikasiýa we diplomatiýasynyň maksady berilýän maglumatlar we çet ýurt diňleýjilerine täsir etmek bilen Birleşen Ştatlaryň milli bähbidini ilerletmek bolmaly. Muňa köplenç “ideýalar urşy” diýilýär. Radiogepleşikler boýunça geňeşiň roly we jogapkärçiligi ýeke žurnalistika däl” diýip, Rohrbakker aýtdy.

59 dilde

Gubernatorlaryň teleradiogepleşikler geňeşi garaşsyz hökümet gullugy. Ol “Amerikanyň sesi”, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy, “Marti” radio we telekanaly, şeýle hem Orta Gündogara gepleşik berýän “Sawa” radiosy bilen “Alhurra” telekanaly ýaly stansiýalara gözegçilik edýär.

Tutuşlygyna alanyňda, ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän gepleşikler 59 dilde efire berilýär. Radio, telewideniýe, Internet we beýleki täze media arkaly bu gepelşiklerden peýdalanýan adamlaryň sany hepdede 165 million diýip çaklanylýar. Birleşen Ştatlaryň 2012-nji ýyl boýunça býujetinde Gubernatorlaryň teleradiogepleşikler geňeşiniň daşary ýurtlar üçin birilýän programmalary üçin sorany 767 million dollar.

Käbir tankytçylar: “Berilýan gepleşikleriň maksady diňe Ak Tamyň häzirki administrasiýasynyň syýasatyny ilerletmek bolsa, onda bu gepleşikler diňleýjileriň ýanynda ynamdan gaçar” diýýärler.

Netijelilik

Çarşenbe güni geçen diňlenişikde hasabat beren teleradiogepleşikler boýunça geňeşçi S.Enders Wimbuş Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän media serişderleriniň dünýäniň awtoritar režimlerine garşy netijeli iş alyp barýandygyny belledi. Ol: “Beýle bolmasa, onda näme üçin Hytaý we Eýran ýaly ýurtlaryň hökümetleri bu gepleşikleriň öňüni almaga synanyşsyn?” diýdi.

“Bilşimiz ýaly, Eýran hökümeti hem “Amerikanyň sesiniň” parsça habar ulgamyna hem-de “Farda” radiosynyň gepleşiklerine, olaryň Internet saýtlaryna päsgel bermek üçin elde baryny edýär. Parsça habar ulgamyna satellitde, “Farda” radiosynyň hem orta tolkundaky signallaryna, işe başlap-başlamanka päsgel berlip ugrady. Bu ýerlerde ýagdaý kämil däl, ýöne bular oňat netijeli çäreler” diýip, Wimbuş aýtdy.

Aşaky komissiýanyň başlygy Rohrbakker hem muňa gaýtawul berip, hem “Farda” radiosynyň, hem-de “Amerikanyň sesiniň” parsça habar ulgamynyň kämahallar berilýän täzeliklerde Eýran hökümetiniň resmi çeşmelerini ulanýandygyny aýtdy.

Ol: “Eýran hökümetine gepleşiklerden wagt bermek žurnalistik deňagramlylygy saklamak üçin edilýän ýalňyş iş. Mollalar režiminiň repressiw garaýyşlaryny ýaýratmak üçin Amerikada salgyt töleýänler pul tölemeli däl” diýdi.

Umyt bermek

Diňlenişikde çykyş edenleriň ýene biri “Amerikanyň sesi” teleradiosynyň öňki direktory Robert Reilly. Ol: “Birleşen Ştatlaryň teleradiogepleşiklerinden maksat diňleýjilere umyt bermekdi. Bu hem diňe täzelikleri bermek bilen gazanyp boljak zat däl” diýdi.

Robert Reilly: “Ygtybarly, ynamdar habarlar Amerikanyň teleradiogepleşikleriniň hemişe bir bölegi bolup geldi. Ýöne missiýa munuň bilen çäklenmeýärdi. Dalaý Lama “Amerikanyň sesiniň” Tibet gullugyny ‘Tibet halkynyň çöregi’, Birmanyň demokratik aktiwisti Aung San Suu Kýi “Amerikanyň sesiniň” Birma gullugyny ‘Birma halkynyň umydy’ diýip atlandyranynda olar ýöne bir täzelik habarlary göz öňünde tutandyr öýdýärmisiňiz? Umyt bir teologik artykmaçlyk. Ony diňe bir täzelikleri eşitdirmek bilen döredip bolanok” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG