Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gonamçylyklardan em gözleýärler


S.Gulgeldiýew:"Adamlar öwlüýälere medisina ynamy bolmadyk halatynda, medisinadan haýyr tapmadyk halatynda barýarlar".
S.Gulgeldiýew:"Adamlar öwlüýälere medisina ynamy bolmadyk halatynda, medisinadan haýyr tapmadyk halatynda barýarlar".

7-nji aprel — Saglyk günüdir

Adam başyna dert düşüp, derdine-de em tapylmadyk halatynda köp kişiler gonamçylyklara aýlanyp, dertlerine em tapmak umydyna bil baglapdyrlar. Elbetde, kesellän adamlary gonamçylyklara aýlap, ony gutuldyrmagy umyt etmek türkmenlerde örän gadymy döwürlerden bäri hem bolupdyr. Belki, bu ýagdaýyň ýüze çykmagy ol döwürlerde doktorlaryň bolmanlygy bilen bagly bolandyr.

Ýigrimi birinji asyrda — tehniki progresiň kosmiki tizlik bilen ösýän döwründe, medisinanyň dünýä injek çaganyň ogulmy-gyzlygyny dünýä inmänkä aýdyp bermegi başarýan zamanynda, adamzatdaky her hili keselleriň ýüze çykarylyp, olar üçin dermanlaryň öňdürilip durlan eýýamynda, Ýeriň ol ujundaky hereketi Ýerin beýleki ujunda şol pursatda synlap bolýan döwründe türkmenleriň barybir gonamçylyklara, köne öwlüýälere aýlanyp, tümmeklerden dertlerine em gözläp ýörmegi nämäniň alamaty?

Hawa, şeýle zatlar — gonamçylyklara aýlanyp, köne tümmeklerden dertlerine em gözleýän adamlar Türkmenistanda örän kän. Bu ýagdaýyň ýüze çykmasy köp doktorlaryň öz işine gowşaklygyndandyr. Türkmenistanda medisinanyň köp keselleriň öňüni almaga ukypsyzlygyndandyr.

Baharly etrabyndaky «Ak işan» öwlüýäsine, Daşoguzdaky ady belli öwlüýälere adamlar topar-topar bolup, ýörite maşyn tutup gidýärler. Öwlüýälere baryp, näsagyň baş saglygyna bir goýny sadaka berýärler. Bir gün ýa-da birnäçe gün şol ýerlerde bolup, näsagy köne tümmekleriň daşyndan aýlaýarlar.

Çagalarda şeýle bir kesel ýüze çykýar — şol kesele sataşan çaga üşüdip, gyzdyryp, ahyr özüni ýitirýär, käte onuň agzyndan ak köpük gelýär, demi tutulýar. Bu kesele türkmenleriň özi «çaga keseli» diýip at berýärler. Ol kesel bir görseň, «garaguşagyry» keseline meňzeş, bir görseň, «hörezek» keseline. Ýöne olaryň hiç birem däl. Ine, şeýle kesele sataşýan çagany türkmen lukmanlarynyň bejerip bilmeýändigini çagasy «çaga keseline» sataşýan ene-atalar aýdýarlar. Bu kesel çagany ulalýança şeýdip, bogup, essinden giderip durýar. Çagasy şeýle kesele sataşan ene-atalar hem körpäni köne tümmeklere aýlamak üçin gonamçylyklara, öwlüýälere äkidýärler. Çaga keseline sataşýan bäbekleriň soňy bilen öz-özi açylyp gidýänlerem bolýar, ýogalýanlaram. Olara türkmenler «çaga keselinden» ýogaldy» diýýärler.

Gözlerine «gül» düşýän adamlar öwlüýälere aýlanýarlar. Gözdäki «gül» —gözüň ak reňkli bardasynyň üstünde kiçiräk ýa-da ulurak nokat ýaly, iriňe meňzeş zat bolýar. Şol iriňli nokady ençeme däri-dermanlar edileni bilenem aýyrdyp bilmeýänler öwlüýälere aýlanyp, dertlerine em gözleýärler.

Öwlüýälere ýene esasy eltilýän näsaglar ruhy taýdan kesele sataşýanlar. Bu kesel hiç wagt näsagdan aýrylyp gitmeýär. Güýz, ýaz aýlary bolsa kesel barha güýjeýär. Ruhy hassalaryň hassahansynda näsaglar on gün ýa-da bir hepde bejerilýär. Soňra öýüne goýberilen näsag ýene şol bir kesel ýagdaýynda gezip ýörensoň, ene-atalar bu keselden açylmaga köne tümmekler haýyr eder öýdüp, öwlüýälere aýlanýarlar.

Aýaklaryň aşagynyň mydama derläp, öl bolmasy, ekzema keseli hem Türkmenistanda emi tapylmaýan keselleriň biri. «Gopan tümmege (gabra) aýagyny sallap otursa, näsag bu dertden saplanýar» diýip, gadym döwürden bäri türkmenleriň arasynda yrym saklanyp galypdyr. Şol yryma ynanyp, aýagynyň derlemesi aýrylmaýanlar hem-de aýagynda ekzema keseli bolanlar gonamçylyklara aýlanmaga gidýärler.

«Çaga öwlüýäsi»

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň jaýlanan gonamçylygy — Ymam Kasym gonamçylygy. Bu gonamçylyk halk arasynda «Çaga öwlüýäsi» diýlip atlandyrylýar. «Çaga öwlüýäsine» çagasy bolmaýan gelinler baryp, gonamçylykdaky guburyň daşyndan aýlanyp, çaga diläp gaýdýarlar. Hem gonamçylykda kiçijik sallançak gurup, onuň içine çöpden ýasalan gurjajygy salyp, üwräp gaýdýarlar. Şeýdilende çagasy bolmaýanlaryň çagasy bolýar diýlen düşünje bar.

Bir zada ynanmak adamyň ruhuna täsir edýärmi, ýa-da wagtyň geçmegi bilen, ýaş enäniň organizminde enelik kemala gelýärmi, bilmedim, «Şu çagany «Ymam Kasym jan» öwlüýäsine gidip aldyk» diýip, dünýä inen perzentleriniň adyna Ymam, Kasym dakyp ýörenlerem bar. Elbetde, her kim bir zada ynanyp ýaşaýar.

«Ymam Kasym» öwlüýäsine ýüzüne ýara çykýan çagalary hem eltýärler. Çaganyň ýüzündäki ýara öwlüýädäki gubruň gumundan sepýärler.

Kä halatda türkmen medisinasyna gaharyň gelmän duranok. Çagalaryň ýüzüne, gulagynyň düýbüne, boýnuna, aýagyna ýa-da eline köp wagtlap bitmeýän ýaranyň çykýan pursatlaryna türkmen eneleri kän gabat gelýär. Çagalardaky ol ýara örän köp wagtlap bitmän durýar. Türkmenler bu ýara «çile» diýip at berýärler. Çiläni doktoryň bejerip bilmeýändiginem aýdýarlar. Hakykatdan-da çagasynda bitmeýän ýaranyň bardygyny aýdyp, lukmana ýüz tutýan eneler doktoryň özüne çagadaky ýaranyň çiledigini, muňa medisinanyň kömek edip bilmeýändigini, öwlüýä aýlanmagyň gerekdigini salgy berendigini aýdýarlar. «Çile» — bu nähili kesel? Ol örän uzak wagtlap bitmän, ganap durýar. Bäş-alty aý geçensoň, käte bir ýyldan ol keseliň özi ýok bolup gidýär, ýaranyň orny bolsa gurap galýar.

Dünýä medisinasynda belki, bu keseliň ady hem bejeriliş usuly bardyr?! Belki-de, ol her halkyň öz ýaşaýan klimatyna laýyklykda ýüze çykýan, başga halklarda bolmaýan keseldir? Belli däl. «Çiläniň» peşehorda-da däldigini aýdýarlar. Türkmen yrymçylarynyň aýtmagyna görä, çaga ýaňy bolan halaty öli jaýlamaga gidenler, ini hapa adamlar çaganyň ýatan ýerine gelse, çagada şu kesel döreýärmiş.

Türkmenistanda medisina ugrundan ylmy iş goramagy arzuw edýänler halkyň düşünip bilmeýän, bejerdip bilmeýän keselleri bolan «Çaga keseli», «Çile» diýlen keselleriň nämedigini öwrenseler, halka örän köp kömek ederdiler. Adamlaryň köpüsiniň öwlüýälerden ýygnanmagyna hemaýat bolardy.

Adamlar öwlüýälere medisina ynamy bolmadyk halatynda, medisinadan haýyr tapmadyk halatynda barýarlar. Adamlaryň medisinadan tapmadyk emini köne tümmeklerden gözläp ýörmegi medisina üçin abraý däldir.

Öwlüýälere diňe bir agzap geçen dertlerimize sataşýanlar däl, eýsem, gözi, kellesi agyrýanlar, ýüregi gysýanlar, başga-da ençeme kesele sataşýanlar barýarlar. Hatda dertden saplanar umydy bilen, arakhorlary, neşekeşleri-de öwlüýälere aýlaýarlar. Öwlüýälerde näsaglaryň köpelmegi — medisina işgärleri üçin minusdyr.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG