Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Amnesty International” Serbiýany tankytlaýar


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” topary serb hökümetini romalylary öz ýaşaýan ýerlerinden zor bilen göçürmekde tankyt etdi.

Halkara günä geçiş guramasynyň eksperti Megna Abraham Serbiýada romalylara idili öý-jaý şertiniň döredilmeýändigini we olary zor bilen ýaşaýan ýerinden göçürmek praktikasynyň ulanylýandygyny aýtdy.

“Amnesty International” guramasynyň täze hasabatynda aýdylmagyna görä, Serbiýanyň paýtagty Belgradda 50 bilen 100 aralygynda formal däl roma obaçylygy bar. Ol obalarda Belgradyň roma ilatynyň ýaryndan gowragy ýaşaýar we olaryň başga gidere ýeri hem ýok.

Halkara günä geçiş guramasy ol obalarda ýaşaýan adamlaryň hemişe göçürilmek gorkusy astynda ýaşaýandygyny aýdýar.

Serbiýada 500 müň çemesi romaly ýaşaýar we olar 2002-nji ýylda resmi taýdan azlyk diýlip ykrar edildi.
XS
SM
MD
LG