Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Polşa Katyn dokumentlerini tabşyrýar


Orsýet Polşa gizlinlikden çykarylan Katyn dokumentleriniň 11 tomlugyny tabşyrdy. Ol dokumentler 1940-njy ýylda sowet gizlin polisiýasynyň gyrgyna beren 20 müňden gowrak polýak ofiseri we beýleki adamlary hakynda hakykaty aýan eder.

Sowetler ozal Katyn gyrgynçylygyny nemes faşistleriniň üstüne atypdylar, emma Mihail Gorbaçýow 1990-njy ýylda bu gyrgynçylygyň sowetler tarapyndan amala aşyrylandygyny boýun aldy.
XS
SM
MD
LG