Sepleriň elýeterliligi

Çeçen uruş serkerdesi hüjümden soň diridigini aýdýar


Çeçen pitne lideri Doku Umarow özüniň sag-amandygyny aýdýar.

Rus mediasy bir hepde ozal onuň Demirgazyk Kawkaza urlan zarbalarda ölen bolmagynyň mümkindigini ýazypdy.

Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz gullugyna telefon eden adam öz janynyň sagdygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ol sesiň Umarowyňkydygyny tanap bolýandygyny aýdýarlar, ýöne bu meselede garaşsyz tassyknama ýok.

Orsýet 29-njy martda Inguşetiýa sebitine uran howa zarbalarynda 17 sany yslamçy jeňçiniň öldürilendigini aýdýar.

Resmiler Umarowyň ölenleriň arasynda bardygyny ýa ýokdugyny kesgitlemek üçin jesetleriň barlanýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG