Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ekstremistleriň arap gozgalaňlaryny ulanjagyny duýdurýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts Eýran we ekstremist toparlar Arap dünýäsindäki gozgalaňlary peýdalanmaga çalşar diýýär. Geýts bu sözleri düýn, Yraga sapary mahalynda aýtdy.

Şeýle-de ol arap liderleri, hususan-da Müsürde, radikal yslamçylaryň Orta Gündogardaky wakalardan peýdalanmagynyň öňüni almak barada alada edýär diýdi.

Geýts Bagdada çarşenbe güni, Saud Arabystanyna eden gysga wagtlyk saparyndan soň geldi. Ol patyşa Abdylla bilen geçiren gepleşiklerinden soň Eýrany berk tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG