Sepleriň elýeterliligi

Brazil mekdebinde bir adam 10 çagany öldürdi


Düýn Braziliýanyň Rio de Janeýro şäherinde bir mekdebe gelen ýaragly adam azyndan 10 çagany atyp öldürip, 18-sini ýaralady. Ol soňra özüni öldürdi.

Häkimiýetler ganhoruň şol mekdebiň öňki okuwçysydygyny we 24 ýaşyndadagyny anykladylar. Bu ýurtda ozal beýle hüjüm bolmandyr.

Häkimiýetler, şol wagt mekdebiň ýanyndan geçip barýan polisiýa patruly ýetişmedik bolsa, ýitginiň has-da kän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG