Sepleriň elýeterliligi

ÝUNESKO tussag žurnaliste metbugat baýragyny berdi


ÝUNESKO tussag edilen eýranly žurnalist Ahmad Zeýdabadi Dünýä metbugat azatlygy baýragy bilen sylaglady.

Zeýdabadi dolandyryjy yslam hökümetine garşy propaganda ýaýratmakda günäli tapylyp, alty ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

ÝUNESKO-nyň baş direktory Irina Bokowa Zeýdabadi «metbugat azatlygy we söz azatlygy barada batyrgaý hem yzygider çykyş etdi» diýdi.

Zeýdabadi Eýranyň dawaly prezident saýlawlaryndan soň bilelikde sud edilen 100-den gowrak aktiwistiň biridir. Ol «Azad» gazetiniň baş redaktorydy we BBC-niň pars gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýärdi.
XS
SM
MD
LG