Sepleriň elýeterliligi

Owgan Talybanynyň hüjüminde 6 adam öldürildi


Düýn, Kandahar şäheriniň golaýyndaky polisiýa merkezine edilen hüjümiň arasynda, talyban jeňçileri «Tiz kömek» maşynynda bomba partladyp, owgan howpsuzlyk işgärleriniň altysyny öldürdiler.

Kandaharyň polisiýa başlygy Han Muhammad Mujahid janyndan geçen bir bombaçynyň «Tiz kömegiň» sürüjisi bolan bolup, ýaralanan ofiserler halas ediş belgili maşyna ýerleşdirilenden soň, özüni ýarandygyny aýdýar.

Ol «Tiz kömek» birnäçe pitneçi hüjüm tüpeňleri we granatomýotlar bilen polisiýa binasyny oka tutmaga başlandan soň gelipdir. Amerikan wertolýotlary we bronly söweş maşynlary pitneçiler bilen uruşýan owgan goşunlaryna kömege etişdiler. Bir sagat dowam eden hüjümiň jogapkärçiligini Talyban öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG