Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa pitneçileri NATO-nyň özlerini urandygyny aýdýar


Liwiýanyň pitne lideri NATO-nyň howadan pitneçileriň tank konwoýyny urmagy belki ýalňyşlygyň netijesidir diýýär.

Ýaralanan pitneçiler nebit porty Breganyň daşynda, Kaddafi güýçleri bilen pitneçileriň arasynda bir hepde bäri söweş gidýän ýerde NATO-nyň howa zarbasyna uçrandyklaryny aýdýarlar.

Pitne lideri Abdel Fattah Ýunes howa zarbasyndan 4 adamyň ölendigini, 14 adamyň bolsa ýaralanandygyny, özleriniň bu ýalňyşlyk üçin jogap berilmegini isleýändiklerini aýtdy.

NATO gödek ýalňyşlyk bolan howa zarbasy üçin göni jogapkärçiligi öz üstüne almady, ýöne bu hadysanyň bolan ýeriniň «açyk-aýdyň däldigini we ol ýerde dürli ugurlardan gelýän mehanizmleşdirilen ýaraglaryň köp bolandygyny» aýtdy.
XS
SM
MD
LG