Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Liwiýa boýunça öz planyny teklip etdi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan: “Häzir atyşyklaryň bes edilmegi kepillendirilip, Kaddafiniň tarapdarlary Liwiýanyň günbatar welaýatlarynda gabawda saklaýan şäherlerinden çekilmeli" diýdi, Ankara, 7-nji aprel.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan: “Häzir atyşyklaryň bes edilmegi kepillendirilip, Kaddafiniň tarapdarlary Liwiýanyň günbatar welaýatlarynda gabawda saklaýan şäherlerinden çekilmeli" diýdi, Ankara, 7-nji aprel.

NATO ýerdäki ýagdaýyň aýyl-saýyl bolmandygyna salgylanyp, Liwiýada gozgalaňçylaryň tanklaryna edilen hüjüm üçin ötünç soramakdan boýun gaçyrýar. Brega şäheriniň golaýynda ýalňyşlyk bilen bolan bu hüjümde azyndan iki adamyň ölendigi habar berildi.

Ýaralanan söweşiji Ajdabiýadaky keselhana ýerleşdirilýär, 7-nji aprel.
NATO-nyň Liwiýa operasiýalarynyň komandiriniň orunbasary kontr-admiral Russel Harding şu gün gozgalaňçylaryň tanklardan peýdalanýandygy barada ýaranlygyň ozal maglumatynyň bolmandygyny aýtdy.

Gündogar Liwiýadaky gozgalaňçy güýçleriň başlygy Abdel Fattah Ýunes ozal Bengazide beren bir metbugat konferensiýasynda: “Gozgalaňçylar düşündiriş isleseler-de, bu howa urgusy olar bilen NATO-nyň arasynda dartgynlylyga getirenok” diýdi. “Şu wagt köp adamlar biziň tanklarymyzy kim bombalady diýip soraýarlar. Bizi NATO-nyň ýalňyşlyk bilen bombalan bolmagy gaty ähtimal. Ýöne çölde ýerleşdirilen 20 tanky ýalňyşlyk bilen bomblamak aňsat däl”.

Türkiýäniň plany


Bu aralykda Türkiýe ýedi hepde bäri dowam edip gelýän konfliktiň soňlanmagy üçin plan teklip etdi. 7-nji aprelde, penşenbe güni, premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan umumy görnüşde suratlandyrylan bu plan atyşyklar bes edilip, Kaddafiniň güýçleriniň Liwiýanyň günbatar etraplarynda gabawdaky şäherlerden çekilmegi ýaly işleri öz içine alýar.

“Häzir atyşyklaryň bes edilmegi kepillendirilip, Kaddafiniň tarapdarlary Liwiýanyň günbatar welaýatlarynda gabawda saklaýan şäherlerinden çekilmeli. Ala tutma bolman, liwiýaly doganlarymyzyň ählisine gumanitar kömek ýetirilmeli. Bu iş üçin bir howpsuz gumanitar koridor açylmaly” diýip, Erdogan aýtdy.

Erdogan sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýdi: “Liwiýa halkynyň kanuny bähbitleri göz öňünde tutulyp, demokratik özgeriş üçin tizden-tiz hemmetaraplaýyn proses ýola goýulmaly. Bu prosesde maksat konstitusion demokratiýa düzgünini howpsuzlandyrmak bolmaly. Adamlar öz ýolbaşçylaryny erkin saýlamaly”.

Gozgalaňçylaryň Milli geçiş geňeşiniň başlygy Mustafa Abdul Jalal “Al Jazeera” telekanalyna beren interwiýusynda Kaddafi we onuň maşgala agzalary ýurdy terk etseler, Geňeşiň bu teklibi kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

Kaddafiniň hökümetiniň wekilleri hem-de oppozisiýanyň wekilleri bilen gepleşik geçiren Türkiýe Liwiýa boýunça bir aragatnaşyk topary 13-nji aprelde Katarda duşuşanda, öz planyny beýlekilere hem ýetirjekdigini bildirdi.

“Gümürtiklik”


Brega şäheriniň golaýynda söweşler dowam edip, hökümet güýçleri Misurata şäherine üznüksiz hüjüm edýärkä, Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli bir generaly: “Gozgalaňçylaryň Kaddafini güýç bilen häkimiýet başyndan çetleşdirmek ähtimallygy ýokary däl” diýýär.

Waşingtonda Senatda geçen bir diňlenişikde urşuň ýagdaýy barada soralanda, Birleşen Ştatlaryň Afrika boýunça goşun birikmeleriniň başlygy general Karter Ham özüniň uruş harby güýç bilen soňlanar diýip pikir etmeýändigini aýtdy.

“Konfliktde çykalgasyz ýagdaý döräp gelýärmi?” diýen soraga Ham ýagdaýyň ýeriň üstünde şu wagt şeýledigi bilen ylalaşýandygyny bildirdi.

Ýöne NATO-nyň Liwiýa operasiýalarynyň komandiriniň orunbasary kontr-admiral Harding munuň bilen ylalşanok. Ol gozgalaňçylaryň Brega bilen Ajdabiýanyň aralygynda kä ilerläp, kä yza çekilip durandygyna salgylanyp: “Kim muňa çykalgasyz ýagdaý diýjek bolsa diýsin. Ýöne men gümürtik, näbelli ýagdaý diýýärin. Hawa, bu çäkli giňişlikdäki gümürtiklik” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG