Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda iki sany täze ministrlik döredildi


Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine Bekmyrat Şamyradow bellenildi.
Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine Bekmyrat Şamyradow bellenildi.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýene iki sany täze ministrligi döretmek barada permana gol çekdi.

Olaryň biri Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, beýlekisi bolsa Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligidir.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ozalky Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň binýadynda döredilen täze ministrlikdir. Täze ministrligiň öňünde durýan wezipe döwletiň zähmet, demografiki howpsuzlygy üpjün etmek we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmekden ybarat bolmalydyr diýip, Berdimuhamedow nygtady.

Mundan başga-da prezident Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň öňünde ilatyň iş bilen üpjünçiligine gözegçilik etmek, şeýle hem ýurduň raýatlaryny işe ýerleşdirmäge ýardam bermek we olary işsizlikden goramak, raýatlaryň bir ýerden başga ýerlere işlemäge gitmegi bilen bagly meseleler boýunça döwlet kömeklerini etmek wezipelerini amala aşyrmagy borç edip goýdy.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine Bekmyrat Şamyradow bellenildi.

Jemagat hojalygy ministrligi

Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri wezipesine Arslan Ýagşymämmedow bellenildi.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň döredilmeginiň zerurlygyny Berdimuhamedow ýurtda döredilýän täze desgalardyr seýilgähleri, awtomobil ýollaryny talaba laýyk ýagdaýda saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ep-esli artandygy bilen düşündirdi.

Häzirki wagta çenli jemagat hojalygyna degişli işleri ýerli häkimliklere degişli bolan ýaşaýyş jaý-jemagat hojalyk kärhanalary amala aşyrýardy. Emma Berdimuhamedow bu gulluklaryň agzalan binalary we desgalary abatlamak we olary göwnejaý ýagdaýda saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň hötdesinden doly gelip bilmeýändiklerini aýtdy.

Prezidentiň aýtmagyna görä, täze ministrlik uly görnüşli jemagat hyzmatlaryny amala aşyrýan ministrlik bolar. Onuň wezipesine ýaşaýyş jaý gorunyň ýagdaýyny gowulandyrmak we ony abatlamak boýunça işleri geçirmek, suw we ýylylyk, lagym ulgamlaryna hyzmat etmek, ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri ýola goýmak, daşarky abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, arassalaýyş işlerini alyp barmak, ilatly ýerleri gazlaşdyrmak girýär.

Prezidentiň permany bilen Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri wezipesine Arslan Ýagşymämmedow bellenildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG