Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa radioaktiw suwuň akandygyny boýun aldy


Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan “Fukusimo-Daiçi” atom elektrik stansiýasyndan okeana radioaktiw suwuň akandygyny, bu barasynda goňşy ýurtlara habar bermän, ýalňyşlyk goýberilendigini boýun aldy.

Kan stansiýanyň işgärleriniň hereketlerine Ýaponiýanyň anyk baha bermelidigini nytgady.

Günorta Koreýa hem Hytaý radiasiýaly suwuň okeana goşulmagyna alada bildirdi.

Ýaponiýanyň hökümet başlygy 11-nji martda bolan ýer titremede jebir çeken Işinomaka bardy hem aýylganç ýer titremede öýsüz-öwzarsyz galanlar üçin gurluşygy tizlendirmegi wada berdi.

Heläkçilikde, resmi tassyklama görä, 13 müň adam ölüp, 15 müň adam at-dereksiz ýitipdir.
XS
SM
MD
LG