Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň gündogaryndaky çaknyşyklar dowam edýär


Liwiýanyň gündogaryndaky strategik taýdan möhüm nokatlaryň biri Ajdabiýada Muammar Kaddafiniň goşunlary bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky söweşler dowam edýär.

Gowuşýan maglumatlara görä, Kaddafiniň tarapdarlaryndan uly bolmadyk topar şähere giripdir we Bengazä tarap ýolda ahyrky nokat bolan bu şäheri ele almaga synanyşýar.

Hökümet güýçleri şeýle-de ýurduň günbataryndaky Misurata şäherini oka tutýarlar. NATO Kaddafiniň bu ýerdäki tehnikasyny bombalapdy.

Ýekşenbe güni Liwiýa Afrika Bileleşginiň delegasiýasy geldi.

Afrika kontinentiniň birnäçe lideriniň Muammar Kaddafi we gozgalaňçylaryň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna garaşylýar. Olaryň maksady - taraplar arasynda gepleşikleri ýola goýup, ok atyşygy bes etmekdir.
XS
SM
MD
LG