Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde Tantawyň iş başyndan çekilmegi talap edilýär


Kairiň merkezindäki Tahrir meýdanynda Ýokary harby geňeşi dolandyrýan marşal Muhammet Tantawyň iş başyndan çekilmegini talap edýän demonstrasiýa dowam edýär.

Demonstrasiýalar anna güni başlandy, olar başda öňki prezident Hosni Mubaregiň hem onuň golaý töwereginiň suda çekilmegini talap etdiler.

Şenbe güni Tahrir meýdanynda bolan çaknyşykda bir adam ölüp, 78 adam ýaralandy.

Şenbe güni harbylar protestlere garşy durmak üçin güýç ulanmaga taýýardyklaryny dudurypdy.
XS
SM
MD
LG