Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Afrika “repressiw ýurtlara ýarag satýar”


Günorta Afrika respublikasy repressiw režimli ýurtlara, şol sanda Liwiýa ýarag satýar diýip, gizlin hökümet çeşmelerine salgylanmak bilen ýerli “Sunday Independent” gazeti ýazýar.

Adaty ýaraglara kontrollyk boýunça Komitetiň maglumatyna görä, geçen ýyl Günorta Afrika respublikasynyň hökümeti dünýäniň 78 ýurduna 5,3 milliard dollarlyk ýarag satmaga karar beripdir.

Günorta Afrika respublikasynyň oppozisiýa wekilleri şol ýaraglary Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň parahat ilatyň garşysyna ulanmagynda häkimiýetleri aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG