Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Polşa uçar heläkçiliginiň bir ýyllygyny belledi


Bazar güni Polşada Smolenskiniň eteginde bolan uçar heläkçiliginiň bir ýyllygy bellendi.

Geçen ýylyň 10-njy aprelinde bolan uçar betbagtçylygynda Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskini goşmak bilen 96 adam heläk bolupdy. Olar 1940-njy ýylda NKWD-niň işgärleri tarapyndan atylyp öldürilen polşalylaryň hatyrasyny tutmak üçin barýardylar.

Warşawanyň harby gonamçylygynda bolan ýas mitinginde eden çykyşynda Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowski gurban bolanlara iň gowy ýadygärligiň agzybirlik boljakdygyny aýtdy.

Ýurduň ybadathanalarynda hatyra dabaralary geçirildi.
XS
SM
MD
LG