Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aragatnaşyk hyzmatdaşlygy maslahat edildi


Türkmenistan aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň ösüşine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Türkmenistan aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň ösüşine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Geçen hepde Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda aragatnaşyk ulgamynda Sebitleýin arkalaşygyň elektroaragatnaşyk komissiýasynyň we operatorlar Geňeşiniň nobatdaky bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Maslahatda regiondaky umumy maglumatlar giňişliginde kadalaşdyryjy hukuk binýatlary sazlaşdyrmak, gazanylan tejribeleri giňişleýin alyşmak meselerine garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda elektroaragatnaşyk pudagynyň ýagdaýy bilen hem tanyşdyryldy.

Poçta hyzmatlary

Resmi metbugatda habar berilmegine görä, Türkmenistan aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň ösüşine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Muňa garamazdan, ýurtda esasy aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi döwrüň talaplaryndan yza galýar.

Türkmenistanda poçta hyzmatlary diňe döwlet eýeçiligindäki “Türkmenpoçta” aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan hödürlenýär. Bütindünýä poçta aragatnaşygy bileleşiginiň agzasy bolup, “Türkmenpoçta” dünýäniň 190 döwleti bilen işleşýär.

Türkmenistanda DHL, FedEX ýaly iri halkara poçta kompaniýalary işlemeýär. 2005-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bu kompaniaýalaryň iş lisenziýalary ýatyrypdy.

Mobil aragatnaşygy

“Awazada” geçirilen maslahatda türkmen tarapy telekommunikasiýa pudagyna ýatyrylýan maýa goýumlaryň artýanlygyny we ýurtda simli we mobil telefon hyzmatlarynyň, şeýle hem Internet aragatnaşygynyň barha ýaýbaňlanýanlygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Huawei” we “Nokia-Siemens” kompaniýalary bilen ýylyň başynda baglaşan şertnamasynda “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk operatorynyň tehniki ukybyny ýene goşmaça 50 müň abonentlik artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistan 2 ýarym milliondan gowrak abonentli MTS bilen şertnamasyny ýatyrandan soň, 600 müň müşderili “Altyn Asyryň” abonentleriniň sany şondan bäri iki esse ýokarlandy. Emma kompaniýa ilatyň mobil talaplaryny häzirlikçe doly derejede ödäp bilmän gelýär.

Käbir synçylaryň bellemegine görä, Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleriň talaba laýyk kanagatlandyrylman gelmegi häkimiýetleriň bu ýagdaýa düýpden taýýar bolmanlygyny görkezýär.

Halkara hyzmatdaşlygy

“Awazada” öz maslahatyny geçiren aragatnaşyk ulgamynda Sebitleýin arkalaşygyň elektroaragatnaşyk komissiýasy we operatorlar Geňeşi dünýäniň informasion giňişligine aralaşmak boýunça Türkmenistana ýardam bermek maksadyny hem göz öňünde tutýar.

Moskwadaky GDA Institutynyü Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Andreý Grozin aragatnaşyk boýunça regional guramalaryň milli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiline täsir ýetirjegine şübhe bildirýär. Emma ol Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna tarap ädýän ädimleri barha ösýän global informasion giňişliginden üzňelikde galyp bolmajagyna häkimiýetleriň göz ýetirýänligini görkezýär diýen pikirde.

Elektrik we poçta aragatnaşygy boýunça regional arkalaşygynyň “Awazada” geçirilen maslahatyna Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Sloweniýanyň aragantaşyk pudak ministrlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de spesialistleri gatnaşdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG