Sepleriň elýeterliligi

Saglyk ulgamynyň ýagdaýy


Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti.

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti.

Soňky ýyllarda diňe bir Aşgabat şäherinde däl, eýsem, welaýat, käbir etrap merkezlerinde, prezidentiň obasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän keselhanalar, saglyk öýleri, keseli anyklaýyş merkezleri guruldy. Ýurdumyzyň ähli keselhanalarynda düwnük keselini barlaýyş bölümleri döredildi.

Doly derejede ykrar edilmese hem, düwnük, inçekesel ýaly howply keseller hakynda alada edilýändigini şol agyr keselleri bejermäge niýetlenen häzirki zaman keselhanalarynyň paýtagtda halka hyzmat edip başlanlygyndan aňsa bolýar.

Bu zatlaryň şeýledigine garamazdan, medisina ulgamynyň ýagdaýy ýurdumyzda örän gözgynydyr. Saglyk ulgamynda birnäçe agyr keselleri hasaba almak gadagan, oba ýerlerindäki keselhanalaryň köpüsinde syrkawa ilkinji zerur kömegi bermäge hem şertler ýok. Iň esasy hem işine ussat medisina işgärleri — lukmanlar, şepagat uýalarydyr doganlary ýetmezçilik edýär.

Mysal üçin, dünýä ülňüsine laýyklykda her ýüz adama bir wraç hasaplanýanyndan ugur alsaň, ýurdumyzyň 5 million hasaplanýan ilatyna hyzmat etmek üçin 50 müň wraç medisina ulgamynda zähmet çekmeli. Emma Saglygy goraýyş hem derman senagaty ministrliginden ýokary derejeli hünärmeniň tassyklamagyna görä, ýurdumyzda halka hyzmat edýän wraçlaryň sany 30 müňe hem ýetenok.

Munuň hem üstesine, 50 müň wraçyň her biri ortaça 20 ýyl zähmet çekýär diýip hasaplanymyzda, Türkmenistanyň medisina uniwersitetine ýokary hünärmen bolup ýetişjek talyplaryň her ýyl 2,500 sanysyny kabul etmeli. Biziň bilşimiz ýaly, 2010-njy ýylda ýurdumyzyň ýeke-täk medisina uniwersitetine 240 talybyň kabul edilendigini, geçen ýylyň awgustynda resmiler prezidente hasabat beripdiler.

Ýokary hünärli wraç bolup ýetişmeli talyplaryň sany häzirki ilatymyzyň hasabyndan alanyňda 10, geljekki 10-15 ýyldaky ilatymyzyň ösüşini nazarlap aýdanyňda bolsa, 12-15 esse azdyr. Ýurdumyzda orta medisina personallary bilen üpjünçilik juda gözgyny.

Medisinanyň düzgüni boýunça bir wraça iki şepagat uýasy ýa orta medisina personaly gerekli diýlip hasaplanýan bolsa, öňki prezident Nyýazowyň buýrugy bilen saglyk ulgamyny “kämilleşdirmegiň” hatyrasyna 2000-nji ýylyň başynda olaryň biri aýrylyp, şol ýyl 12 müň medisina işgäriniň işden çykarylandygy barada habar berildi.

Umuman alanyňda, häzirem hereket edýän Nyýazowyň “Saglyk” maksatnamasyna adyl baha berilmezden, käbir öňe gidişlikleriň gazanylandygyna seretmezden, bu ulgamda düýpli ösüşleriň bolandygyna ynanmak juda kyn.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG