Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň port şäheri Baniasa tanklar getirildi


Ýekşenbe güni Siriýanyň harbylary ýurduň möhüm port şäheri Baniasa tanklary getirip, barlag-gözegçilik nokatlaryny gurup, şeýle-de töwerekdäki aragatnaşyk liniýalaryny kesip, şäheri böwetlediler.

Bu wakadan birnäçe sagat soň, Baniasyň töwreklerinde ýarag sesleriniň eşidilendigi habar berildi.

Siriýaly aktiwist Mazen Darwişiň aýtmagyna görä, howpsuzlyk güýçleri Baniasdaky protestçilere garşy zarba urýana meňzeýär. Onuň bellemegine görä, azyndan dört sany tank şähere salnypdyr.

Mazen Darwişiň beren bu maglumatlaryny tassyklamak başartmady.

Siriýadaky protestler mundan üç hepde töweregi ozal ýüze çykypdy. Onlarça müň siriýalylar ýurtda reformalary talap edip, protest geçirýärler.
XS
SM
MD
LG