Sepleriň elýeterliligi

Moskwada 10-a golaý aktiwist tussag edildi


Moskwada 10-a golaý oppozisiýa wekili Kremle tarap ýöriş geçirjek bolanda tussag edildi.

Ýekşenbe güni 100-e golaý demonstrant Bolşoý Teatryň öňündäki meýdançada ýygnandy. Olaryň bu ýygnanyşygyna rugsat berlipdi.

Emma demonstrantlar öz talaplaryny öňe sürmek üçin Kremle tarap ýöriş etjek bolanlarynda Moskwanyň polisiýasy olaryň ýoluny böwetledi.

Bu wakada tussag edilenleriň arasynda “Çep Fronty” toparynyň lideri Sergeý Udaltsow hem bar.

Orsýetiň oppozisiýa ýolbaşçylary ýurtdaky adam hukuklarynyň çäklendirilmegine juda aladalanýandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG