Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýadaky tebigy betbagtçylyga bir aý doldy


Şu gün Ýaponiýada ýurdy weýrançylyga öwren 9 ballyk ýer yranmanyň we sunaminiň ýüze çykmagyna bir aý dolýar.

Bu iki tebigy hadysa 1985-nji ýylda Çernobl atom stansiýasyndaky awariýadan soňky iň uly atom krizisini döretdi.

11-nji martda dörän tebigy betbagtçylykda pida bolanlaryň sany, soňky maglumatlara görä, 13,000 töweregi adam bolupdyr.

Häzir “Fukusimo-Daiçi” atom stanisýasyndaky işgärler radiasiýanyň syzmagyny böwetlemek üçin tagallalaryny dowam etdirýärler.

Bu heläkçilikleriň öwezini dolmak Ýaponiýa üçin 300 milliard dollara düşer diýilýär.
XS
SM
MD
LG