Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada nikaby gadagan edýän kanun güýje girdi


Duşenbe güni Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde ýüzüňi örtýän lybaslary geýmegi gadagan edýän kanun güýje girdi.

Fransiýa ýewropa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, bu gadaganlygy girizdi.

Bu gadaganlyk esasan nikap geýýän musulman aýallaryna täsirini ýetirer. Bu kanuny bozanlara 150 ýewro möçberinde jerime salnar.

Öz aýallaryna ýüzüni büremäge mejbur edýän erkeklere hem jerime salnar we türme tussaglygy berler.

Gadaganlygyň tarapdalarynyň bellemegine görä, bu kanun howpsuzlyk we jyns deňligi üçin möhümdir.

Tankytçylaryň nygtamagyna laýyklykda, bu gadaganlyk din we söz azatlyklaryny çäklendirýär.

Fransiýada 6 milliondan gowrak musulman ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG