Sepleriň elýeterliligi

Kaddafi Afrika Geňeşiniň “iş planyny” kabul etdi


Muammar Kaddafi Liwiýada sekiz hepde bäri dowam edýän konflikti togtatmak üçin hödürlenen “iş planyny” kabul etdi. Bu barada Günorta Afrikanyň prezidenti Jeýkob Zuma aýtdy.

Prezident Zuma bu barada Afrika döwletleriniň liderlerinden düzülen delegasiýanyň Kaddafi bilen Tripolide geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

Hödürlenen “iş plany” atyşyklaryň bes edilmegini, şeýle-de Kaddafiniň hökümeti bilen gozglaňçylaryň arasyndaky gepleşikleriň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar.

Afrika Geňeşiniň delegasiýasynyň duşenbe güni Liwiýadaky gozgalaňçylaryň ýolbaşçylary bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, NATO-nyň nygtamagyna laýyklykda, ýaranlyk Kaddafiniň güýçlerine degişli 25 tanky ýok edipdir.
XS
SM
MD
LG