Sepleriň elýeterliligi

Peruda prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirildi


Perunyň prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň resmi däl netijelerine görä, çepçi milletçi diýlip häsiýetlendirlen Ollanta Humala sesleriň 31 prosent töweregini alyp, üstünlik gazanypdyr.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň resmi däl netijelerine görä, prezidentlik saýlawlarynyň iýun aýynda geçiriljek tapgyrynda, Humala bilen bir hatarda, sesleriň 22 prosentini alan Keiko Fujimori hem dalaş etjege meňzeýär.

Keiko ýurduň öňki prezidenti Alberto Fujimoriniň gyzydyr. Alberto Fujimori häzir korrupsiýada we adam hukuklaryny bozmakda aýyplanyp, türme tussaglygynda saklanýar.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda ozalky ýokary derejeli maliýe resmisi Pablo Kuçzinski hem sesleriň 18 prosentini alyp, üçünji boldy.
XS
SM
MD
LG