Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň prokuraturasy Hosni Mubaregi sorag edýär


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarek ýurtdaky hökümete garşy protestçileriň öldürilmegine dahyllylykda, şeýle-de hökümetiň serişdelerini öz hasabyna geçirmekde sorag edildi. Işi prokuratura alyp barýar.

Ýekşenbe güni Mubarek çykyş edip, beýle aýyplamalaryň esassyzdygyny aýdypdy.

Müsüsriň ozalky premeýer-ministri Ahmed Nazif hem jemgyýetçilik pullaryndan hyýanatçlykly peýdalanmakda aýyplanyp, 15 gün tussag astyna alyndy.

Munuň bilen bir hatarda, ýekşenbe güni ýüzlerçe müsürliler paýtagt Kairiň Tahrir meýdançasynda ýurdy dolandyrýan Harby geňeşiň başlygy Marşal Mohamed Hussein Tantawynyň wezipesinden çekilmegini talap edip, protest geçirdiler.
XS
SM
MD
LG