Sepleriň elýeterliligi

Misuratada soňky 3 hepdede 20 çaga öldürildi


BMG-niň Çagalar fondunyň (ÝUNISEF) şu gün ýaýradan maglumatynda Liwiýanyň Misurata şäherinde soňky 3 hepdäniň dowamynda azyndan 20 çaganyň öldürilendigi aýdylýar.

11-nji aprelde liwiýaly pitneçilere Misurata şäheriniň gözegçiligini almak başartdy.

ÝUNISEF-iň beren maglumatlarynda dürli ok atyşyklardan, partlamalardan heläk bolan çagalaryň arasynda 9 aýlyk bäbegiň hem bardygy aýdylýar.

BMG-niň Çagalar fondy Misurata şäherindäki howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramaz bolmagy, suw hem azyk harytlarynyň ýetmezçilik etmegi sebäpli ýene müňlerçe çaganyň ömrüne howp abanýandygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG