Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada nikap geýen iki zenan tussag edildi


11-nji aprelden başlap, Fransiýada nikap geýmek gadagançylygy güýje girdi.

Bu gadagançylyga garşy Parižde Notr Dam ybadathanasynyň golaýynda onlarça adamyň gatnaşmagynda protest geçirildi.

Bu proteste gatnaşan nikaply 2 aýalyň tussag edilendigi habar berilýär.

Fransuz polisiýasynyň metbugat sekretary zenanlaryň nikap geýendikleri üçin däl-de, rusgat edilmedik protest çäresine gatnaşandyklary üçin tussag edilendigini aýtdy.

Fransiýada girizilen bu gadagançylyk Ýewropa ýurtlarynda ilkinji gezek durmuşa geçirilýär. Bu kanuny bozan adamlara 150 ýewro jerime salnar.

Nikaby ýa-da hijaby aýallaryna mejbury ýagdaýda geýdirýän erkek kişilere hem jerime salnyp bilinjekdigi, hatda olara garşy jenaýat işi gozgalyp, olaryň türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigi duýdurylýar.

Fransiýanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi bu gadagançylygy goldadylar.

Bu çäräniň tarapdarlary onuň howpsuzlyk üçin zerurdygyny aýdyp, aýallaryň erkekler bilen deňhukuklylygyna oňyn täsir etjekdigini aýdýarlar.

Bu gadagançylygy tankytlaýanlar bolsa, bu kanunyň din azatlygyny çäklendirýändigini, onuň musulmanlara garşy adalatsyz çemeleşmegi kanunlaşdyrýandygy aýdýarlar.

Fransiýada 6 milliona golaý musulmanyň bardygy, olaryň köpüsiniň Demirgazyk Afrika ýurtlaryndan barandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG