Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamada azyndan 5 adam heläk boldy


11-nji aprelde Yragyň Falluja şäherinde bolan iki partlamada azyndan 5 adamyň heläk bolup, keminden 10 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Yragyň Içeri işler ministrliginiň beren maglumatynda wakalaryň birinde partlaýjy enjamy zyýansyzlandyrmaga synanyşan polisiýa işgärleriniň hem heläk bolandygy aýdyldy.

Beýleki wakada içinde partlaýjy madda bolan maşyn partlap, golaýyndaky adamlaryň ölümine sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG