Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Polşa ýadygärlikdäki ýazgy boýunça ylalaşdy


11-nji aprelde Orsýetiň hem Polşanyň prezidentleri Smolenskde duşuşyp, geçen ýylyň 10-njy aprelinde bolan uçar heläkçiliginiň pidalaryny ýatladylar.

Şeýle hem iki ýurduň prezidentleri heläkçiligiň ýüze çykan ýerinde goýlan ýadygärlikde ýazylan ýazgy barada ylalaşdylar.

Bu wakada heläk bolanlaryň ýakynlary tarapyndan dikeldilen ýadygärlikde polýak dilinde: “Katyn tokaýyndaky genosidiň 70 ýyllygyna gatnaşmak islän ýakynlarymyzyň hatyrasyna bagyşlaýarys” diýlip ýazylypdy.

Rus häkimiýetleri bu ýazgyny aýyransoň, bu mesele bilen bagly dawa turupdy.

Geçen ýylyň 10-njy aprelinde bolan uçar heläkçiliginde Polşanyň prezidenti Leh Kaçinski bilen bilelikde ýurduň ýokary derejeli resmilerini öz içine alýan 96 adam heläk bolupdy.

Ýurduň ybadathanalarynda heläkçiligiň pidalarynyň hatyrasyna dürli çäreler geçirildi.
XS
SM
MD
LG