Sepleriň elýeterliligi

Kot d’Iwuaryň lideri Loran Gbagbo tussag edildi


11-nji aprelde 4 aý mundan ozal bolan prezident saýlawlarynda ýeňilen Kot d’Iwuaryň lideri Loran Gbagbo Abijandaky rezidensiýasynda tussag edildi.

Gbagbo saýlawlarda ýeňilendigini boýun alman, häkimiýeti öz elinden bermejek bolup hereket etdi.

Gbagbonyň metbugat sekretary “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda onuň fransuzlar tarapyndan saklanyp, oppozisiýa geçirilendigini habar berdi.

“Frans press” habar gullugynyň Kot d’Iwuardaky Fransiýanyň ilçihanasyna salgylanyp beren maglumatyna görä bolsa, Loran Gbagbo saýlawlarda ýeňiş gazanyp, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen prezident Alassane Ouattara wepaly esgerler tarapyndan ele salnypdyr.
XS
SM
MD
LG