Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskiň metro stansiýasynda partlama boldy


Belarusyň paýtagty Minsk şäheriniň metrosynyň “Oktýabrskaýa” stansiýasynda, prezident Lukaşenkonyň edarasynyň golaýynda partlama boldy.

Polisiýa işgärleri bu wakada birnäçe adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar, emma pidalar barada entek anyk maglumat berilmedi.

Belarusyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi partlamanyň bolandygyny tassyklady, emma bu waka bilen bagly maglumat bermedi.

Orsýetiň RIA habar gullugy, şaýatlara salgylanyp, partlamada azyndan 10 adamyň ýaralanadygyny habar berdi.

Interfaks habar gullugy bolsa azyndan 5 adamyň ölendigini aýdýar.

Partlama nämäniň sebäp bolandygy hakda heniz maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG