Sepleriň elýeterliligi

AB-niň planyny Kaddafi kabul etdi, oppozisiýa ret etdi


Afrika Bileleşiginiň ýolbaşçylary Muammar Kaddafi bilen duşuşýar, Tripoli, 10-njy aprel.

Afrika Bileleşiginiň ýolbaşçylary Muammar Kaddafi bilen duşuşýar, Tripoli, 10-njy aprel.

Afrika Bileleşiginiň ýolbaşçylaryndan ybarat delegasiýa Liwiýada 8 hepde bäri dowam edýän graždanlyk konfliktiniň soňlanmagy üçin hödürlenýän plan barada pikir alyşmak üçin duşenbe güni Bengazide Liwiýanyň oppozisiýasy bilen duşuşyk geçirdi. Emma oppozisiýa bu plany kabul etmedi.

Bu delegasiýa ýekşenbe güni Tripolide Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi bilen duşuşypdy. Günorta Afrikanyň prezidenti Jakob Zumanyň aýtmagyna görä, Kaddafi bu plany kabul edipdir.

Iki tarapyň arasyndaky oňuşmazlyklary nazara alanyňda, bu planyň başa barma ähtimaly ol diýen ýokary däldi. Sebäbi Kaddafi gozgalaňçylaryň özüniň häkimiýet başyndan aýrylmagy baradaky talaplaryny kabul etmejekdigini aýdýar. Oppozisiýa hem Kaddafiniň häkimiýet başynda galmagyna ýol berýän hiç bir plan bilen ylalaşmajakdygyny nygtaýar.

Ýekşenbe güni Tripolide Afrika Bileleşiginiň parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça komissary Ramtane Lamamra atyşyklar bes edilip, režimiň işgärleri bilen oppozision ýolbaşçylaryň arasynda gepleşik geçmegini hem öz içine alýan şertler bilen Kaddafiniň ylalaşandygyny aýtdy.

“Rewolýusiýanyň ýolbaşçysy Kaddafi Afrika Bileleşiginiň planyny özüniň kabul edýändigini tassyklady. Bu şu zatlar barada: birinjiden, özara duşmançylyk tizden-tiz togtamaly. Ikinjiden, kömege mätäç ilata gerekli gumanitar kömegiň ýetirilmegini aňsatlaşdyrmak üçin Liwiýanyň degişli häkimýetleriniň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulmaly” diýip, Lamamra aýtdy.

Duşenbe güni Bengazide geçirilen duşuşykdan soň, liwiýaly gozgalaňçylar Afrika Bileleşiginiň ok atyşygy bes etmek baradaky planyny ret etdiler. Gozgalaňçylaryň lideri Mustafa Abdul Jalil parahatçylyk prosesini ýola goýmak üçin Muammar Kaddafiniň häkimiýetden gitmeginiň zerurdygyny nygtady.

Oppozisiýa Kaddafiniň güýçleriniň atyşyklaryň bes edilmegi baradaky ylalaşygy ýerine ýetirerine hem şübheli garaýar. Kaddafiniň režimi tarapyndan ozal hem atyşyklar bes edilmeli diýip iki gezek yglan edilse-de, bu iş ýerine ýetirilmändi.

“Kaddafi gitsin”

Kaddafiniň kabul eden planynda geçiş döwri göz öňünde tutulýardy. Şu döwrüň içinde Kaddafiniň käbir häkimiýetleri reformalar barada oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyk etmelidi.

“Esasy prinsip boýunça, Afrika Bileleşigi ýolbaşçyny demokratik usulda saýlamak Liwiýa halkynyň öz işi diýip, hasap edýär. Liwiýa halky tarapyndan ýurduň ýolbaşçysy kim bolmaly diýilse, kimem bolsa, daşarky güýje, hatda Afrika Bileleşigine-de galan zat däl” diýip, Lamamra aýtdy.

Duşenbe güni Bengazi şäherinde daşary ýurt habarçylaryna interwiýu beren oppozision söweşijiler özleriniň Afrika Bileleşiginiň delegasiýasynyň esasy maksadyna şübheli garaýandyklaryny bildiripdiler. Olar: “Afrika Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň maksady konflikte çyn çözgüt tapmakmy ýa-da bu plan Afrika hökümetleriniň Kaddafi bilen arabaglanyşygyny pugtalandyryp, onuň režimine söýget bermek barada edýän bir tagallasymy” diýen soragy berýär.

Oppozision ýolbaşçylar: “Liwiýa halky öz ýolbaşçylaryny erkin saýlap bilse, Kaddafi ara salym salman gitsin” diýýärler.

Oppozisiýa hökümet güýçleri oppozisiýanyň elindäki şäherçeleri we şäherleri gabamagy bes edip, kazarmalara dolanan ýagdaýynda özleriniň atyşyklary bes etmegi kabul etjekdiklerini aýdýarlar. Olaryň ýene bir talaby - Kaddafiniň režiminiň syýasy tussaglary boşatmagy, şeýle hem ýurtda oppozision protestlere rugsat edilmegi.
XS
SM
MD
LG