Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fridman: “Ýaşlary bir zada mejbur etseň, ol ýaşlara ters täsir edýär”


Fridman: "Ýasama öwgüleri, halka gerekmejek zatlary, özem her gün, mejbury ýagdaýda ulanmak hiç bir gowulyk getirmeýär".
Fridman: "Ýasama öwgüleri, halka gerekmejek zatlary, özem her gün, mejbury ýagdaýda ulanmak hiç bir gowulyk getirmeýär".
5-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim, saglygy saklaýyş, turizm we sport pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň başlygynyň bu ugurlar boýunça orunbasary Gurbanmyrat Mezilow hem gatnaşdy.

Şol duşuşykda prezident Berdimuhamedow ýaşlara bilim we terbiýe bermek meseleleri barada hem gürrüň edip, geçen ýyllarda toplanan tejribeleri giňden ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Ol her bir okuwçynyň azyndan üç dil bilmelidigini we sportuň bir görnüşi bilen meşgullanmalydygyny hem tabşyrdy. Berdimuhamedow munuň üçin ýurtda ähli şertleriň bardygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere türkmen hökümetiniň bilim syýasaty barada Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika Institutynyň Merkezi Aziýa hem Kawkaz bölüminiň başlygy professor Leonid Fridman bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Fridman, siz türkmen hökümetiniň bilim syýasatyna nähili baha berýärsiňiz?

Leonid Fridman: Meniň pikirimçe, häzirki prezident ýurduň öz spesialistleriniň bolmalydygyna gowy düşünýär. Hut şonuň üçin-de, ol öňki prezidentiň bilim syýasatyna çäkli düzedişler girizip başlady. Ol mekdeplerde okuwy 10 ýyla ýetirdi, daşary ýurt dilleriniň okadylmagyny, studentleriň döwrebäp dünýäde zerur bolan sapaklary öwrenmegini ýola goýdy. Emma bu düzedişiň nähili hakyky netijeler berjekdigi barada aýtmakdan entek ir. Men Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentler degişli täze sanlary entek göremok.

Azatlyk Radiosy: Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda her ýyl orta mekdepleri 100 müňden gowrak oglan-gyz tamamlaýar. Emma geçen ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 5,445 sany oglan-gyz kabul edildi. Eýse, siz bu sanlar barada näme aýdyp bilersiňiz?

Leonid Fridman: Elbetde, bu sanlara dürlüçe seretmek mümkin. Ýerli okuw jaýlaryna kabul edilýän we daşary ýurtlara okuwa ýollanýan ýaşlaryň sanynyň o diýen köp däldigini görmek bolýar. Bular ýokary okuw jaýlarynyň işlemegi we ýurduň zerur ýokary hünärli kadrlar bilen üpjün edilmegi üçin ýeterlik däl. Bu göze görnüp duran netije.

Emma men ýokary okuw jaýlaryna kabul edişlikde hakyky konkurslaryň bolmagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini hem sözüme goşmak isleýärin. Eger-de şol konkurslar hakyky, adalatly bolup, abiturientleriň bilimini dogruçyl görkezse we okuwa has taýýarlykly ýaşlaryň girmegine mümkinçilik döredilse, bu gowy bolardy.

Ýöne men şol konkurslaryň çynlakaý, adalatly geçirilmez diýip, howatyr edýärin. Ýokary okuw jaýlaryna kabul edişlikde köpler üçin oňaýsyz ýagdaýlar emele gelýär. Ýokary okuw jaýlaryna olarda işleýän mugallymlaryň hossarlary, ýokary gatlagyň, çinownikleriň, tüçjar baý telekeçileriň we beýlekileriň çagalary kabul edilýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Fridman, türkmen häkimiýetleriniň bilim pudagyna ýeterlik sermaýa ýatyrmaýandygy aýdylýarka, prezident 5-nji aprelde eden çykyşynda häzir Türkmenistanda 5 milliarddan gowrak amerikan dollarynyň sport toplumlarynyň gurluşyklaryna harçlanýandygyny aýtdy. Eýse, şol pullar ýaşlary Amerikanyň, Ýewropanyň we Orsýetiň abraýly okuw jaýlaryna ýollamaga sarp edilse, Türkmenistan üçin has bähbitli bolmazmydy?

Leonid Fridman: Men onuň has-da bähbitli boljakdygyna ynanýaryn. Häzirki döwrüň teoriýasy we praktikasy “adam kapitaly” diýlip atlandyrylýan ugra sermaýa ýatyrmagyň ähmiýetlidigini, täsirliligi boýunça iň perspektiwaly sermaýa ýatyrmadygyny görkezdi. Eger Türkmenistanda geçen birnäçe ýylyň dowamynda bilim pudagyna sermaýa ýatyrylmandygyny, işine ussat spesialistleri taýýarlamaga zerur ünsüň berilmändigini göz öňünde tutsak, onda häzir bu yzagalaklygyň öňüni almaga köpräk sermaýa ýatyrmaly.

Meniň pikirimçe, eger şol gyzyl pullar bilim pudagy üçin zerur binalaryň gurluşygyna, olaryň ösen tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylmagyna, zerur bolan ylmy kitaplary satyn almaga, işine ussat mugallymlary saýlamaga, olara mynasyp aýlyk tölemäge, ýokary okuw jaýlaryna örän gowy taýýarlykly ýaşlary kabul etmäge we ýokary bilimiň hilini ösdürmäge zerur bolan iň ýönekeýje şertleri döretmäge harçlansa, bu birnäçe ýyldan belki-de, has irräk gowy netijeleri bererdi.

Azatlyk Radiosy: Eýse, bu ugurda siziň institutyňyz Türkmenistana nähili kömek edip bilerdi?

Leonid Fridman: Häzir bizde Merkezi Aziýa we günorta Kawkaz boýunça spesialistleri taýýarlamak işi ösýär. Bu ýurtlar boýunça ýörite kafedra açyldy. Oňa işine ussat spesialist, gujurly işgär, asly gazagystanly Žybek Syzdykowa ýolbaşçylyk edýär. Men onuň guramaçylyk işlerine ýokary baha berýärin. Eger Türkmenistan bize ilkibaşda birnäçe, soňra köpräk ýaşlary iberse, biz olardan işine ussat spesialistleri taýýarlamak üçin elimizden gelenini ederis. Meniň hut özüm hem bu işe höwes bilen kömek ederdim.

Biz Türkmenistanda ussat spesialistleriň bolmagyna we bu ugurdan kömek etmäge içgin gyzyklanýarys. Bular Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda ykdysady, tehniki, medeni gatnaşyklary ösdürmäge ýardam ederdi. Men munuň bilen Türkmenistanyňam gyzyklanýandygyna ynanýaryn. Bu iki tarapa-da peýdaly netijeler bererdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Leonid Fridman, mekdep okuwçylary we studentler bilen bagly öňki prezidentiň döwründen bäri dowam edýän bir ýagdaý ene-atalary uly alada goýýar. Ýagny, mekdep okuwçylary we studentler okuwdan boşadylyp, günde-günaşa diýen ýaly resmi dabaralara, baýramlara, prezidenti garşylamaga alnyp gidilýär. Eýse, siz, tejribeli mugallym, alym hökmünde bu ýagdaýlara nähili baha berýärsiňiz?

Leonid Fridman:
Meniň pikirimçe, bular asla gerekmejek zatlar. Men prezidentiň, onuň maslahatçylarynyň, ministrleriň we beýleki çinownikleriň şeýle praktikanyň ýolbaşça hormat goýmak zerurlygy ýaly terbiýä diňe bir kömek etmän, onuň ýaşlara ters täsir etmeginiň mümkindigine düşünjekdigine ynanýaryn. Ýaşlary bir zada mejbur etseň, ol ýaşlara ters täsir edýär.

Meniň pikirimçe, Nyýazow döwründen galan şeýle nogsanlary derrew ýok etmeli. Men muny umyt edýärin. Mekdep okuwçylary we studentler, ilkinji nobatda tebigy, gumanitar ylymlar boýunça zerur bolan bilimi almaly. Eger bular bolmalysy ýaly ýola goýulsa, onda mekdep okuwçylary we studentler özleri üçin gowy bilim almaga mümkinçilik döredýän ýolbaşçylara uly hormat goýardy. Bu şol syýasatyň anyk netijeleri bolardy. Ýasama öwgüleri, halka gerekmejek zatlary, özem her gün, mejbury ýagdaýda ulanmak hiç bir gowulyk getirmeýär. Bular ähli ýurtlaryň, halklaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, diňe ters netije berýär. Men şular ýaly praktikanyň kem-kemden ýatyryljakdygyna umyt edesim gelýär.

Meniň pikirimçe, reformalary durmuşa geçirmekde has tiz hereket etmek, kesgitli ädimler ätmek zerur. Hut şeýle ädimler häkimiýetleriň pozisiýasyny, sosial daýanjyny pugtalandyrar. Ýöne ýasama öwgüler, lidere wepaly bolmaklyga kasam içmeler – boş zatlar. Men ýasama, mejbury öwgülere, lideriň hakyky adynyň öňünden ulanylýan mahabatlandyrma sözlere we şuňa meňzeşlere garanda, ýürekden hormat goýmak ahyr netijede mydama has peýdaly we maksadalaýyk diýip oýlanýaryn.
XS
SM
MD
LG