Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir suratyň ykbaly


Ýuriý Gagarin (çepden birinji) we Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusow (sagdan ikinji)
Ýuriý Gagarin (çepden birinji) we Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusow (sagdan ikinji)
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowyň dünýäniň ilkinji kosmonawty Ýuriý Gagarini goltuklap duran şu suraty öýümdäki iş kabinetimde indi ýigrimi ýyldan bäri asylgy dur. Bu suratyň negatiwi hem mende. Olary maňa Anna dädäniň özi ýadygärlik hökmünde berip, nesiller üçin saklamagymy haýyş edipdi. Onuň şol sargydyny berjaý etmäge çalşyp, „Edebiýat we sungat” hepdelik gazetiniň baş redaktorykam, gazetiň 1991-nji ýylyň kosmonawtika gününde çap edilen sanynda ýerleşdiripdim.

Ýuriý Gagarin bilen surata düşen başga bir ildeşimiziň bardygyny özüm-ä bilemok. Bu suratyň şondan öň türkmen metbugatynda çap edilendigi-de maňa mälim däl. Ýazyjynyň bu surata düşüşleri baradaky ýazgylaryny okanym-da ýadyma düşenok. Ýöne suratdaky zenan, ýalmyşmaýan bolsam, kawkazly şahyr Fazu Alyýewa bolmaly. Erkek kişi bolsa gruzin ýazyjylarynyň biridir diýip çaklaýaryn.

Bu surat Ýuriý Gagarin SSSR-iň Parahatçylyk komitetiniň ýa-da daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatynaşyklar jemgyýetiniň ýygnaklarynyň birinde mundan elli ýyla golaý wagt ozal düşürilen bolmaly. Arman, suratçynyň ady-da ýazylyp alynmandyr.

Anna Kowusow özüniň alçaklygy, esentanyşlygy, ugurtapyjylygy bilen kärdeşleri ilkinji kosmonawta golaýlaşmaga milt edip bilmän durka, oňa surata düşmegi derhal teklip edip, razylygyny alan bolsa gerek.

Her niçik bolanda-da, bu surat taryhymyzyň bir setirine öwrülip, Ýuriý Gagariniň-de, Anna dädäniň-de ruhuny ýatladyp dur. Diri gezip ýörenliginde ol türkmen topragynda önüp-ösen kosmonawt Kononenko bilen-de ýa Moskwada, ýa-da Türkmenistanda surata düşerdi.

Ýuriý Gagariniň kosmosa uçmagynyň 50, bu suratyň maňa düşmeginiň bolsa 20 ýyllyk senelerinde Azatlyk Radiosynyň Web saýtynda ýerleşdirilmegi okyjylara täsirli, ýakymly bolar diýip umyt edýärin.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory.
XS
SM
MD
LG