Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko garşy ýene-de bir jenaýat işi gozgaldy


Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy ýene-de bir jenaýat işi gozgaldy.

Ukrainanyň Baş prokurorynyň birinji orunbasary Renat Kuzminiň aýtmagyna görä, Timoşenko 2009-njy ýylda Orsýet bilen gaz ylalaşygyna gol goýlan wagty öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanylýar.

Kuzmin Timoşenko bilen Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň 2009-njy ýylyň ýanwarynda baglanyşan ylalalaşygyna salgylandy.

2010-njy fewralynda Timoşenko premýer-ministr wezipesinden gideninden soň, döwlet serişdelerini hyýanatçylykly peýdalanandygy baradaky aýyplamalar boýunça oňa garşy iki sany aýry derňew işi hem açylypdy.

Timoşenkonyň özi bu aýyplamalary iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG