Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda SMS arkaly nikany bozmak gadagan ediler


Täjigistanda maşgala nikasyny SMS arkaly bozmak işi golaýda gadagan ediler. Bu barada ýurduň dini resmileri aýdýar.

Döwletiň dini işler boýunça komitetiniň başlygy Abdurahim Holikowyň nygtamagyna laýyklykda, SMS arkly “talak” sözüniň ugradylmagy Yslamyň kanunlaryna ters gelýär.

Musulmançylykda maşgalanyň başy aýalyna üç sapar “talak” sözüni diýmek arkaly nikany bozup bilýär.

Täjigistanda SMS arkaly aýrylyşmalar adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu usul esasan hem ýurduň daşynda işleýän migrantlar tarapyndan ulanylýar.
XS
SM
MD
LG