Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen hökümetiniň resmileri Pariže sapar edýär


Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Reşid Meredow hem-de nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministri Baýramgeldi Nedirow Fransiýanyň paýtagty Pariža sapar edýärler.

Bu saparyň dowamynda türkmen resmileri türkmen-fransuz iş toparynyň mejlisine gatnaşýarlar. Onda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen geçirilýär.
XS
SM
MD
LG