Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň öňki daşary işler ministri çykyş etdi


Liwiýanyň öňki daşary işleri ministri Musa Kussa, geçen aý ýurdy terk edeninden soň, sişenbe güni Londonda ilkinji sapar beýanat bilen çykyş etdi.

BBÇ üçin taýýarlan beýanatynda Kussa Liwiýa halkyny birlige çagyrdy. Şeýle-de ol Liwiýada Somalide bolşy ýaly graždalyk urşunyň döremek howpunyň bardygyny duýdurdy.

70-nji ýyllardan bäri Kaddafi bilen işleşen Kussa häzir Liwiýanyň dolandyryjysy bilen hiç hili gatnaşyk saklamaýandygyny hem mälim etdi.
XS
SM
MD
LG