Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýadaky atom krizisi iň ýokary derejä ýetdi


Ýaponiýanyň hökümeti, eger krizis dowam etse, Fukuşimadan radiasiýa syzmagynyň Çernobylyň derejesine ýetmeginiň mümkindigini ykrar edýär.
Ýaponiýanyň hökümeti, eger krizis dowam etse, Fukuşimadan radiasiýa syzmagynyň Çernobylyň derejesine ýetmeginiň mümkindigini ykrar edýär.
Ýaponiýa ýer titremeginiň we sunaminiň netijesinde çynlakaý awariýa uçran Fukuşima atom elektrostansiýasyndaky krizisiň iň ýokary derejä ýetendigini habar berdi. Bu 1986-njy ýyldaky ozalky SSSR-de bolup geçen Çernobyl heläkçiliginden soňra, dünýäde atom energiýasy bilen baglanyşykly bolan iň uly pajygaly waka hasaplanýar.

Fukuşimidäki ýadro desgalaryndan radiasiýanyň howa, krandan akýan içimlik suwa, gök önümlere we deňiz suwuna syzandygy mälim edildi. Bu bolsa, radiasiýanyň Halkara atom energiýa edarasynyň ölçegleri boýunça iň ýokary derejä - 7-ä ýetendigini görkezýär.

Şol edaranyň maglumatyna görä, radiasiýanyň täze derejesi “uly heläkçilik” we ol tebigata, saglyga zyýanly täsir eder. EmmaÝaponiýanyň atom howpsuzlygy boýunça edarasynyň ýokary derejeli resmisi Hidehiko Nişiýamanyň pikiriçe, häzire çenli radiasiýanyň saglyga haýsy-da bolsa bir zyýanynyň öňi alyndy.

“Biz 18-nji martdan bäri ýygnalan maglumatlara esaslanyp, radiasiýanyň derejesiniň 7-ä ýetendigini habar berdik. Şol bir wagtyň özünde-de bu howp Çernobyldaky radioaktiw galyndylaryň derejesiniň 10 prosent çemesine deň” diýip, Nişiýama belledi.

Emma Ýaponiýanyň hökümeti, eger krizis dowam etse, Fukuşimadan radiasiýa syzmagynyň Çernobylyň derejesine ýetmeginiň mümkindigini ykrar edýär. Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýuki Edano “Fukuşimanyň uly betbagtçylykdygyny” gaýtalady. Ol bu waka üçin atom elektrik stansiýasynyň golaýynda ýaşaýan ilatdan we halkara jemgyýetçiliginden ötünç sorady.

Duşenbe güni Edano atom elektrik stansiýanyň 20 kilometr golaýynda ýaşaýan ilaty ewakuasiýa etmegiň zonasyny giňeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy: “Biz ewakuasiýa zonasyny giňeltmek barada täze karar kabul etdik. Sebäbi, radiasiýa 20 kilometrden uzaklara ýaýrap başlady. Bu howa we geografiki şertlere bagly”.

Edano göwreli zenanlaryň, çagalaryň we hassalaryň Fukuşimadan azyndan 30 kilometr uzaklykda galmalydygyny we mekdepleriň ýapylmagynyň mümkindigini hem habar berdi. Eýýäm ABŞ, Awstraliýa ýaly ýurtlar öz raýatlaryna Fukuşimadan azyndan 80 kilometr uzaklykda bolmalydygyny duýdurdylar.

Ýaponiýanyň atom energiýasyna gözegçilik edýän edarasynyň beren habaryna görä, radiasiýanyň näderejede giň ýaýrandygyny aýtmak kyn. Emma ýapon resmileri häzir radiasiýanyň syzyşynyň azyndan 100 esse köpelendigini we krizis başlanan döwründen has ýaramazdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG