Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-a barýan lukmanlar goýberilmedi


«Community connection» atly ýörite programma boýunça Birleşen Ştatlarda tälim almaga barýan bu lukmanlar Aşgabadyň aeroportunda yzlaryna gaýtaryldy.

«Community connection» atly ýörite programma boýunça Birleşen Ştatlarda tälim almaga barýan bu lukmanlar Aşgabadyň aeroportunda yzlaryna gaýtaryldy.

Adam hukuklaryny goraýjy Türkmen inisiatiwasy guramasy şu hepde ýaýradan maglumatynda 6-njy aprelde türkmenistanly 10 sany medisina işgäriniň alyş-çalyş programmasy boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitmegine ýol berilmändigini habar berýär.

Maglumatda aýdylmagyna görä, «Community connection» atly ýörite programma boýunça Birleşen Ştatlarda tälim almaga barýan bu lukmanlar Aşgabadyň aeroportunda pasport gözegçilik işgärleri tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmezden yzlaryna gaýtarylypdyr.

Maglumata görä, bu toparyň düzüminde Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümine girýän dürli medisina guramalarynyň we edaralarynyň işgärleri bar eken.

Hereket azatlygy

Adamlaryň hereket azatlyklarynyň çäklendirilmeginiň Türkmenistanda çynlakaý problema bolmagynda galýandygy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň hasabatlarynda yzygiderli bellenilip gelinýär.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ynsan hukuklary barada ýaýradan nobatdaky ýyllyk hasabatynda-da Türkmenistandaky bu meselä aýrytyn üns çekilipdir. Onda syýasy dissidentleriň maşgala agzalaryndan daşary, käbir dini toparlaryň wekillerine, şol sanda, daşary ýurtlarda dini bilim almak isleýän käbir musulmanlara-da daşary ýurtlara çykmaklygyň gadagan edilendigini görkezýän faktlar getirilýär.

2009-njy ýylda 150-den gowrak studentiň Bişkekdäki amerikan uniwersitetine gitmeklerine ýol berilmändigi hem bu hasabatda Türkmenistanda hereket azatlygyna berk çäklendirmeleriň bardygyny görkezýän fakt hökmünde görkezilipdir.

Nämeden gorkulýar?


Bolgariýada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmenistan Helsinki fondunyň başlygy Täjigul Begmedowa 6-njy aprelde türkmenistanly lukmanlaryň bir toparyna ýörite programma boýunça Birleşen Ştatlara gitmeklerine ýol berilmezliginiň sebäbini daşarky dünýä maglumat çykarmazlyk üçin türkmen häkimiýetleriniň edýän aladalary bilen düşündirýär.

«Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň saglyk pudagyndaky ýagdaýlar barada daşary ýurtlara maglumat çykmagyndan ätiýaç edýärler. Başgaça aýdylanda, ýurtda henizem anyk bar bolan ýagdaýlar barada maglumatlary gizläp saklamak tendesiýasyny dowam edýär» diýip, Täjigul Begmedowa belleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda saglygy goraýyş we raýatlaryň medisina hyzmatlary bilen üpjünçiligi mugt bolmaly. Emma ýurtda häzir pul tölemezden saglygyňy bejertmek mümkin däl diýlip, habar berilýär.

“Diňe şunuň özem Türkmenistanda bu ugurda kanunyň berjaý edilmeýändigini görkezýär. Beýleki tarapdan, talabalaýyk medisina hyzmatlaryny almaýan ilatyň arasynda howply keselleriň hem kem-kem giň ýaýraýandygy barada maglumatlar bar. Daşary ýurtlara çykjak bilimli lukmanlar şu maglumatlary-da aýan edip biljekler” diýip, Begmedowa aýdýar.

Medisinanyň ýagdaýy

Ýerli synçylaryň aýmaklaryna görä, garaşsyzlyk ýyllarynda bilim pudagynyň hiliniň ýaramazlaşmagy medisina pudagynyň ýagdaýyna-da gönüden-göni ýaramaz täsirini ýetiripdir.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly bir ýaşaýjy medisina edaralarynda talabalaýyk we elýeterli medisina hyzmatlarynyň ýoklugy sebäpli, soňky wagtlar bejeriş öýlerine ýüz tutýanlaryň-da azdygyny aýtdy.

2009-njy ýylyň dekabrynda Halkara Serhetsiz Lukmanlar guramasy ilat arasyndaky howply kesellere garşy göreşde Türkmenistanyň häkimiýetleriniň talabalaýyk hyzmatdaşlyk etmän, gaýta bu guramanyň öňünde emeli böwetleri döredýändiklerinden şikaýat edip, Türkmenistany terk etmäge mejbur bolupdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG