Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ministrlikleriň jemgyýetdäki roly


Jemagat hojalygy ministrliginiň wezipesine daşarky abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, arassalaýyş işlerini alyp barmak hem girýär.
Jemagat hojalygy ministrliginiň wezipesine daşarky abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, arassalaýyş işlerini alyp barmak hem girýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji aprelde iki sany täze ministrligiň döredilýändigini yglan etdi. Eýsem, bu ministrlikler jemgyýetde nähili rol oýnap bilerler?


Berdimuhamedow ozalky Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň bazasynda döredilen Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wezipelerini kesgitlände, onuň köpsanly beýleki meseleler bir birlikde ilaty iş bilen üpjün etmek meselesi bilen-de meşgullanjakdygyny aýtdy.

Aýratynam, bu täze ministrlige ilaty iş bilen üpjün etmek wezipesiniň tabşyrylmagyna käbir synçylar ýurtda bu ugurda dowam edip gelýän ýiti problemanyň ahyrsoňy resmi ýagdaýda boýun alynmasy hökmünde baha berdiler.

Prezidentiň özi-de hut şu möhüm meseleler bilen meşgullanjak ministrligiň döredilmegine zerurlygyň bardygyna “hemmäňiz hem düşünýänsiňiz” diýen terzde gürrüň etdi.

Bolgariýada ýerleşýän, adamhukuklaryny goraýjy Türkmenistan Helsinki fondunyň başlygy Täjigul Begmedowa şeýle meseleler bilen meşgullanjak ministrligiň döredilmegine ahyrsoňy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň halkara jemgyýetçiliginiň edip gelýän çagyryşlaryna bildiren seslenmesi hökmünde baha berýär.

“Şeýle ministrligiň döredilmegi halkara jemgyýetçiliginiň çagyryşlaryna bir seslenme. Bu gürrüňi edilýän meseleler bireýýäm ýitileşen meseleler. Türkmenistanyň hökümetiniň bu meselelere dolanyp gelmegi we bu ugurda ministrlikleri döretmegi gowy zat” diýip, Täjigul Begmedowa ýagdaýa baha berdi.

Täjigul Begmedowanyň bu pikiri bilen Şwesiýada ýaşaýan garaşsyz žurnalist, ýazyjy Akmuhammet Welsapar hem ylalaşýar.

Welsapar, aýratynam, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň işsizlik derejesiniň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanandygyny bellemek bilen, şeýle sosial problema bilen gönüden-göni meşgullanmaklygyň her bir döwletiň borjy bolup durýandygyny aýdýar.

Jemagat hojalygy ministrligi

Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen döredilen ministrliklerden ýene birem Jemagat hojalygy ministrligi diýlip atlandyryldy. Berdimuhamedow anna günki maslahatda bu täze ministrligiň wezipelerini-de kesgitledi.

Prezidentiiň kesgitlän wezipelerinden çen tutulsa, ýaşaýyş jaýlaryndan daşary, medeniýet we bilim ulgamyna degişli binalaryň abatlaýyş işleri-de, bag ekmek we olara ideg etmek ýaly çäreler-de täze döredilen Jemagat hojalygy ministrliginiň wezipelerinden biri bolar.

Eýsem, bu kesgitlenen wezipeler indi mundan beýläk obalardaky mekdep binalarynyň remont işleriniň çykdajylarynyn, ozallar edilişi ýaly, ýerli mugllymlaryň we okuwçylaryň gerdeninine düşmejekdigini, bag ekmek işleriniň bolsa edara-kärhanalaryň we okuw jaýlarynyň artykmaç aladasy bolmajakdygyny aňladyp bilermi?

Ýazyjy Welsapar şu babatda ilat arasynda düşünişmezligiň bolmazlygy üçin täze döredilen ministrlikleriň we olaryň ýerlerdäki bölümleriniň anyk borçlary kesgitlenen maglumatlaryň ilata elýeterli edilmelidigini belleýär.

Anna günki maslahatda prezident Berdimuhamedow paýtagtdaky gurluşyklaryň hiline talabalaýyk gözegçilik edilmändigi üçin nämüçindir Gurluşyk ministrligine däl-de, Aşgabadyň şäher prokuroryna käýinç berdi.

Welsapar prezidentiň bu belliklerini göz öňünde tutup, “Entek ýurtdaky ministrlikleriň we organlaryň wezipeleri barada ýokary häkimiýet derejesinde-de bulaşyklyk az däl ýaly görünýär” diýip, belleýär.
XS
SM
MD
LG