Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gagarin we onuň şöhraty barada söhbet


Doran: "Gagarin şol wagtky sistemanyň ideýalaryny kabul edýärdi, emma onuň şowsuzlyklaryny hem boýun almakdan ýüz öwrenokdy".
Doran: "Gagarin şol wagtky sistemanyň ideýalaryny kabul edýärdi, emma onuň şowsuzlyklaryny hem boýun almakdan ýüz öwrenokdy".

50 ýyl mundan öň, 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde sowet kosmonawty Ýuriý Gagarin kosmosa uçdy we dünýäde uly meşhurlyk gazandy. Soňra Kreml Gagarin hakynda ençeme makalalary ýazdyrdy.

Ýazyjy we kinorežissýor Jeými Doran özüniň Piers Bizoni bilen täzelikde ýazan kitabyny “Ýyldyzadam: Ýuriý Gagarin hakyndaky rowaýatlaryň aňyrsyndaky hakykat” diýip atlandyrdy. Bu kitapda resmi çeşmelerde agzalmadyk maglumatlar berildi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky býurosynyň baş redaktory Kristian Karyl ýazyjy we kinorežissýor Jeými Doran bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gagarine bütin dünýäniň heniz hem haýran galmagynyň sebäbi näme bolup biler?

Jeými Doran özüniň Piers Bizoni bilen täzelikde ýazan kitabyny “Ýyldyzadam: Ýuriý Gagarin hakyndaky rowaýatlaryň aňyrsyndaky hakykat” diýip atlandyrdy.
Doran:
Biz kosmosyň özüne haýran. Biz geljek ýüz ýylyň dowamynda kosmosa arkaýyn baryp görmäge taýýarlanýan, täze ganat baglan çaga guş ýaly. Gagarin ol ýere birinji bolup baran adam. Bu hakykatdan ýüz öwürmek mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Gagarin we ol hakdaky rowaýatlarda siziň has ünsiňizi çeken zat näme?

Doran: Meni juda haýran galdyran zat – Gagariniň neneňsi hakyky adamdygy we onuň ähli adamlar tarapyndan çyndan söýülmegine göz ýetirmekdir. Oňa garşy çykýan adama duş gelmedik. Hatda onuň bäsdeşi German Titow hem Gagarine garşy däl. Ol Ýurini saýlamaklygyň dogry ädimdigini ykrar etdi, Ýurini hemmeler söýýär. Bir hojalykçy maşgalanyň ogly Ýuriý bilen mugallymyň ogly Titowyň arasyndaky tapawut şudy.

Azatlyk Radiosy: Gagariniň gylyk-häsiýetini suratlandyrýan haýsydyr degişme ýadyňyza düşýärmi?

Doran:
Men Ýuriniň Kremlde geçirilýän uly dabaralara hormatly myhmanlardan biri hökmünde çagyrylýanlygy we onuň her gezegem edil şol dabaralaryň geçirilýän pursatynda ýitirim bolýanlygy baradaky gürrüňleri juda halaýaryn. Ýuriý gizlense-de, olar iň ahyry ony nireden gözlemelidigini bilýärdiler. Ol Kremliň töweregindäki awtobuslarda doňup oturan ýaşlar bilen oturyp arak içer ekeni. Hakykatda Kremlde owadan oturgyçlarda oturan adamlar däl-de, eýse şol ýaşlar onuň ýoldaşlarydy.

Azatlyk Radiosy: Gagariniň haýsydyr bir kemçiligem barmydy?

Doran: Elbetde, islendik adamdaky ýaly onuň hem kemçiligi bardy. Meniň pikirimçe, içip, soňra-da aýal-gyzlaryň yzyna düşmegi olardan biridi. Kremlde otelde galanlarynda, ony aýaly oteliň ýaş gyz işgärlerinden biri bilen täsinräk ýagdaýda görüpdir. Elbetde, Ýuriý ylgap, aýnadan özüni aşak oklapdyr. Ýuriý ikinji gatda ekeni, ýere düşende, ol gözüni erbet ýaralapdyr.

KGB-niň bu barada beren maglumaty, elbetde, samsyk. Şonda Ýuriniň öz gyzyny halas etmek üçin synanyşyp, ýaralananlygy aýdylýar. Hakykatda welin, ol aýalyndan gizlenmek üçin özüni ikinji gatdan aşak zyňypdy.

Azatlyk Radiosy: Ol juda gysga wagtyň içinde gazanan şöhratyna nähili çemeleşdi?

Doran:
Ol Ilkibaşda şöhraty gowy görýärdi. Emma soňluk bilen şöhrat onuň başyny aýlady. Bilşiňiz ýaly, ol aşa köp içgi içip, ähli täsin hereketlere baş goşup başlady. Emma iň soňunda ol şol ýagdaýlardan özüni halas edip, uçarlara we geljekde kosmosa ýollanmagyna garaşylýan raketalar üçin niýetlenen aerodinamik atly enjamlary düzmek boýunça iş alyp bardy.

Azatlyk Radiosy: Onuň sýyasy garaýyşlary barada näme aýdyp biljek?

Doran: Ol dissident ýa pitneçi däldi. Umuman aýdylanda, ol şol wagtky sistemanyň ideýalaryny kabul edýärdi, emma onuň şowsuzlyklaryny hem boýun almakdan ýüz öwrenokdy. Meniň pikirimçe, bärde aýdylmaly esasy bir zat bar. Haçanda Sowet Soýuzyny Nikita Huruşýow dolandyrýarka, onuň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen gatnaşygy bardy. Onsoň Ýuriniň ýönekeý ilatyň we öz kärdeşleriniň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga synanyşmak üçin hakyky mümkinçiligi bardy.

Emma Huruşýow häkimiýet başyndan çetleşdirilip, onuň ornuna Brežnew geçensoň, şeýle mümkinçilikler galmady. Brežnewiň Ýurini halamaýanlygy aýdylýardy, bu barada şübhe ederlik zat ýok. Ýuriniň Brežnewiň ýüzüne şampan serpenligi baradaky wakany köp adamlar bilýärler, elbetde, bu hiç haçan tassyklanmandy. Şeýle maglumatyň ýüze çykmagy Ýuriý bilen Brežnewiň gatnaşygynyň derejesini görkezýärdi.

Azatlyk Radiosy: Gagariniň galdyran täsiri barada siz näme aýdyp biljek?

Doran: Meniň pikirimçe, Gagarin dillere dessan bolan az sanly sowet gahrymanlaryndan biri. Sowet Soýuzynyň geçmişine nazar salanyňyzda, häzirki döwürde şeýle alkyş alýan adama o diýen kän duş gelmeýärsiňiz. Emma Gagarin şeýle adamlardan biridi. Hatda negatiw propagandalara garamazdan, ony hemmäniň söýýänligi welin, juda aýan.
XS
SM
MD
LG