Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň ozalky prezidenti keselhana ýerleşdirildi


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarek ýürek agyrsy sebäpli, keselhana ýerleşdirildi.

Sişenbe güni 82 ýaşly Hosni Mubarek protestçileriň öldürilmegi we ýurduň býujet serişdeleriniň hyýanatçylykly harçlanmagy boýunça sorag edilýän wagty özüni erbet duýýandygyny Müsüriň ýerli telewideniýesi habar berdi.

Hosni Mubarek Müsürdäki köpçülikleýin protestler sepbäli 11-nji fewralda häkimiýetden gitmäge mejbur bolandan soň, ýurduň kurort şäheri Şarm el-Şeýhde ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG