Sepleriň elýeterliligi

Medwedew: “Putiniň ykdysady modelinden çykmaly”


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew nobatdaky prezidentlik saýlawlarynda öz kandidaturasyny goýup-goýmajakdygy baradaky kararyny ýakynda yglan etjekdigini aýtdy.

Hytaýyň CCTV telekanalyna beren interwýusynda prezident Medwedew eger-de Orsýetiň ykdysadyýeti özgermeleri isleýän bolsa, onda premýer-ministr Wladimir Putiniň ykdysady modelinden çykmalydygyny nygtady.

Medwedewiň bellemegine görä, “Mundan on ýyl ozal oňat bolan zat, bu gün gowy bolman biler”.

Geljek ýylyň martynda Orsýetde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna Medwedew we Putin özleriniň dalaş etmek ähtimallygyny aradan aýyrmadylar.
XS
SM
MD
LG